OGUZYÑ ZULMAT ÜLKESÝNE
SAFARY ve OL ¥ERÝÑ AHVALATYNYÑ
BE¥ANY

Oguz Karakulun (Kara-Hulun) serhedine ÿagny Zulmat ülkesine baranda, garañkylyk sebäpli oña girmek mümkin bolmady (Gyn boldy). Oguzyñ ÿakynlary ve akyldarlar geñeþ geçirip maslahatlaþsalar-da ol peÿda bermedi. Þonda Gara Sülük dädesine geñeþe bardy ve gyn iþi oña aÿtdy, þonda dädesi (kakasy) Büþi hoja: "Dört kürreli gysrak, dokuz kürreli eþek bilen, kürrelerini ÿagtylykda baglap, olary minip zulmata (garañkylyga) girsinler, maksat hasyl bolandan soñ yzlaryna dolansynlar, ol gysraklar ve eþekler öz kürrelerini idäp ÿoly ÿalñyþman çykararlar" diÿip aÿtdy. Gara Sülük bu haly Oguza beÿan etdi ve ol Oguza makul hem makbul geldi. Onuñ buÿrugy bilen zulmata girip, üç gün ÿol ÿöridiler. Birdende sag (sag hem sol) tarafdan sesler gelip baþlady: Her kim bu zulmatdan (öz ÿany bilen) näme göterip çyksa öküner, hiç bir zat almany çykan-da öküner. Zulmata gidenleriñ köpüsi hiç zat almadylar, käbirleri az-da bolsa bir zatlar alyp çykdylar. Aÿdyñlyga gelenlerinde, alnan zatlaryñ hemmesiniñ gymmat baha zatlar (daþlar), jövherlerdigini gördiler. Þondan çürim alan-da piþman (az aldym diÿip) almadyk-da (zat almadym diÿip) piþman boldy. 

Ol ÿerden Kylbarak bilen Atil (Ýtil) arasynda ÿerleþÿän sessiz-üÿnsiz bir sähra ülkesine tarap hereket etdi, olar bilen söveþdi ve hökümdary þol ÿerde öldürildi. Þol ÿurdy alyp, ÿurdy tertip-düzgüne salmak, salgyt sistemini ÿola goÿmak iþleri bilen ugraþyp, üç yÿllap ol ÿerde galdy. Ol ÿerden Hazar Derbendine göçdi. Bu Derbendiñ serhedlerine gelen vagty Uþy Hoja (Büþi Hoja) ogly Gara Sülüge: "Goþunymyz bir gezek ÿeñilipdi, bu habar ile ve ÿagylara ÿetipdi, þondan çürim ÿüz çemesi atlyny ÿurdumyza ÿollaÿly, olar biziñ saglygymyzy, uruþlarda gazanan üstünliklerimizi, öÿlermize ve ÿurdumyza ÿetirsinler, urug ve esgerlerimiz eþidip begensinler, duþmanlarymyz-da gynansynlar, elimize geçen hemme hazynalaryñda äkitsinler, ad-abÿarymyz äleme ÿaÿrasyn" diÿdi. Gara Sülük bu teklibi Oguza ÿetirdi, ol-da mundan geljek peÿdalary bilip, maslahat gördi ve Gara Sülüge savgatlar berdi (öz halatynyñda oña berdi). 

ÿüz gañly (araba) adamy bu iþe belledi, hemme hazynalary ve baÿlyklary olar bilen iberdi. Oguzyñ zamanynda altyn uçly ok ve ÿaÿ bardy. Oguz öz iki altyn uçly ok ve ÿayÿny, özüniñ alamaty hökmünde olara berdi. Gañlylar her bir velaÿata baranlarynda þol ok-ÿaÿlary görkezÿärdiler, halk-da olaryñ mal-garalaryna ve özlerine gerek iÿmitleri berip olara hyzmat edÿärdi. 

Gañlylaryñ baþynda Barmaklyk Çosun Billig bardy. Oguz bulara öÿ, hazyna berip urugyny özi gaÿdyp barÿança goryp saklamaklygy buÿruk berdi. ÿene ÿedi günläp ol ÿerde galandan soñra Oguz, Derbende tarap göçdi. Bu ÿeriñ halky galtaman-ogrydylar. ÿol kesip ÿolagçylaryñ mallaryny talaÿardylar. Olar, Oguzyñ esgerleriniñ köpüsiniñ atlarynyñda ogurladylar. Oguz Gara Sülügi çagyryp: "Bu ÿer bize dar ve köp hovply geçelgeli, bu ÿere bizi sen getirdiñ hem-de bu ÿerde ogrular köp, olara garþy nähili çäre görmeli" diÿdi. Bu ÿeriñ bir tarafynda deñiz beÿleki tarafynda-da hovply geçelgeler bar. Gara Sülük-de meseläniñ çözgüdüni dädesinden sorady. ÿaþuly adam þeÿle diÿdi: "Derbend velaÿatynyñ dört burjunda ekilip goÿlan ekinleri ve bar bolan agaçlary harap-veÿran etmeli, bu velaÿat örän dardyr, bir tarafy deñiz, bir tarafyñda dag bolany üçin, hemme ediljek iþler þäheriñ golayÿnda (daþ-tövereginde) edilmeli, tä, velaÿatyñ ilaty ejiz galyp boÿun egmäge razy bolana çenli". Gara Sülük meseläni bolþy ÿaly Oguza aÿtdy. Oguz-da onuñ aÿdanlaryny kabul edip, olaryñ velaÿatlaryny her tarafdan talap, veÿran etdi. Tomus aÿlaryndan bahara (ÿaza) çenli ol ÿerde galyp Derbendi gabadylar. Derbend halky bu iþleriñ garþysynda çäresiz galyp-horlandylar, özara geñeþdiler ve olar dokuz at ÿükli peþgeþ bilen Oguzyñ hyzmatyna gelip oña boÿun egdiler. Oguz, olary görüp, dokuz gyr atyñda kabul edip: "Nämeþip munça vagt biz bu ÿere gelenimiz bäri, bize boÿun egmän, bize garþylyk görkezip baþ galdyrdyñyz" diÿip sorady. Olar Oguzyñ jogabynda: "Biziñ aramyzda köp divanañdäli ve akylly kiþiler bardyr. Þu vagta çenli divanalaryñ sözüne amal kylyp geldik, ÿöne ÿalñyþ iþ edenimizi bildik. Ýndi akylly kiþiler bize nesihat etdiler, biz-de tagat ve gulluk kemerini bilimize guþap hyzmata gelendiris" diÿip jogap berdiler. 

Oguz olara ÿüzlenip: "Siz öz günäleriñize boÿun bolan bolsañyz-günäleriñizi kabul eden bols‹nyz, men-de günäñizi geçip hemmäñizi bagyþladym, ÿöne halkyñyz biziñ iki atymyzy ogurlap gidipdirler, men þol iki aty köp söÿÿärin-gavy görÿärin, eger-de þol iki aty tafyp getirmeseñiz, biriñizi-de diri goÿmaryn" diÿdi. Olar ogurlan atlarynyñ hemmesini Oguza getirdiler, ÿöne þol iki at olaryñ arasynda ÿokdy. Oguzyñ gövni þol iki atdady. Oguz olara köp gaharlandy, ÿöne olar ÿene bir aÿ möhlet islediler ve Oguz oña razy boldy. Ahyrsoñy þol iki aty tafyp Oguzyñ huzuryna getirdiler, Oguz begendi ve olara söÿgi-mähir görkezdi. 

Oguz raÿaty goryp saklap ve mal (salgyt) jemläp biljek Þyhneler (Þähneler) belledi ve özi Þirvan ve Þamahy taraflaryna ugrady. 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com